Nezr

Nezr (arap. نذر‎‎ — nezir) – bir kişiniň ybadat görnüşindäki bir zady (dini taýdan jogapkär bolmasa-da) özüne wajyp kylmagy diýmekdir. Başgaça aýtsak, kişiniň farz ýa-da wajyp ybadaty amal etjekdigine Allah Tagala söz berip, boýnuna borç almagydyr.

Nezir etmek – ynsanyň arzuw eden zadyna ýetmek ýa-da duýdansyz gelen beladan goranmak üçin Allahyň ýardamyna tama bilen edýän dini amalydyr. Muňa ähli dinlerde we medeniýetlerde duş gelinýär.

Dürli dinleriň we milletleriň däp-dessurynda şol bir düşünje bilen agaçlara, mukaddes saýylan ýerlere esgi daňmak, ybadat ýerlerinde şem ýakmak, käbir ýagdaýda käbir haýwany gurban etmek, oraza ýa-da berhiz maksady bilen iýlip-içilýän zadyň käbirinden we jynsy gatnaşykdan daş durmak, arzuw eden zadyna ýetýänçä käbir keýpi-sapany terk etmek ýaly nezirlere duş gelinýär. Bu nezirlerde dini, psihiki sebäpler hem bolup biler, ýöne olaryň aslynda Allaha şükür etmek we Onuň ýardamyny islemek ýatandyr. Yslamyýetden öňki arap halklarynda hem ýokardakylara meňzeş görnüşdäki nezirler bolupdyr. Yslam dini ynsandaky dindarlyk duýgusy we ruhy kanagatlandyrmak niýeti bilen baglanyşygy bolan bu dessurlary düýbünden gadagan etmändir. Ýöne käbir çäklendirmeleri we tertip-düzgünleri girizip, özüne mahsus bir şekil beripdir.

Kuranda berlen sözde durulmagy, äht we şertnama boýun egmegi (Maide,1; Isra 34), Allaha berlen sözüň ýerine ýetirilmegi, (Nahl, 91) emr edilýär. Edilen neziriň ýerine ýetirilmegi buýrulýar, (Haj, 29). Kişiniň nezirini amal etmegi ýagşy häsiýet saýylýar, (Ynsan, 7). Hadyslarda Pygamberimiz Allaha tagat görnüşindäki neziriň ýerine ýetirilmegini emr edip, Allaha isýan ýa-da magsyýet görnüşindäki neziri ýerine ýetirmezligi ündäpdir, (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).

Käbir hadysda bolsa, Pygamberimiziň nezir etmegi känbir halamandygy görünýär. Meselem, bir hadysynda: «Nezir peýda bermez, diňe gysganjyň malyny kemelder», (Buhary, Müslim). Şonuň üçin Ymam Şafygy we Ahmet b. Hanbel nezir etmegiň mekruhdygyny aýdypdyr. Hanefi alymlary bolsa, Allaha ybadat we tagat görnüşindäki nezriň mubahdygyny belläpdir. Bir ybadatyň amal edilmegine wesile bolandygy üçin muny müstehap saýanlar hem bardyr. Mälikiler ýöne nezir etmegi mendup, şertli neziri bolsa mubah saýýarlar.

Tema bilen baglanyşykly hadyslar we yslam alymlarynyň garaýyşlaryna seredilende, hiç hili dünýewi bähbit tama etmezden, diňe Allahyň razylygyny gazanmak we Oňa şükür niýeti bilen, nezir etmegiň hiç hili zeleli ýokdur. Takdyryň üýtgemegine wesile bolmak islegi bilen Allahyň razylygyndan daşlaşyp, belli şertler esasynda nezir etmek makul däldir.

Nezir Allahyň ýazan takdyryny üýtgetmez, musulmanyň muny bilip, geljekde boljak bir zadyň peýdaly bolmagyny arzuw edip, Allah Tagala ýalbarmagy, munuň hakykata öwrülmegine wesile bolmak üçin sadaka we ybadat görnüşinde nezir etmegi ygtykat taýyndan hatarly görlüpdir. Fykyh alymlarynyň şertsiz neziri has makul görmegi, onda ybadat niýetiniň has anyklygy sebäplidir. Dünýewi bähbidi maksat edinen şertli nezir bolsa, Allah bilen söwdalaşmak ýaly ýakymsyz häsiýete eýedigi üçin, ybadat niýeti bolsa-da, seresap bolmak ündelipdir, hat-da halanmadyk ýeri hem bolupdyr. Muňa garamazdan, Allaha ysýan we magsyýetden başga islendik görnüşde nezir edilse, onuň ýerine ýetirilmegi dini taýdan wajyp saýylypdyr.


Nezr

Dodaje.pl - Ogłoszenia lokalne